Ak öýler türkmen myhmansöýerliginiň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.Şanly waka mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleriniň wekilleri, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaralarda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynyň her bir güni beýik ýeňişlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär.Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça giň möçberli durmuş maksatnamalarynyň we iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär.Täze kärhanalar we fabrikler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeniýet we sport toplumlary gurulýar.

Döwrebap ulag düzümi döredilýär.Welaýatlarda gurluşygyna badalga berlen “Türkmeniň ak öýi” binalary 3 müň adama niýetlenendir.Munuň özi ägirt uly konsert zaly, umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin dabaralary, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen sahna bolmak bilen, ägirt uly ak öýüň görnüşinde bina edilýär.Şunuň ýaly ilkinji medeni-durmuş maksatly bina 2015-nji ýylyň noýabrynda Mary welaýatynda guruldy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Türkmeniň ak öýi” binasy Ahal welaýatynda açyldy.Ak öý — abadançylygyň, gülläp ösüşiň, dostanalygyň we türkmen myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany.Ak öý häzirki döwürde ýaşaýyş üçin peýdalanylmasa-da, däp-dessurlara, maşgala gymmatlygyna, öý-ojagyň mukaddesligine we agzybirlige goýulýan hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi.Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy şäheriň günbatar künjeginde kemala gelýän kiçi etrapçalaryň biriniň çäginde gurlar.

Onuň ýakynynda merkezinde 100 metr belentligi bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Balkan welaýatynyň häkimliginiň we edara ediş binalary ýerleşer.Daşoguzda bu bina soňky ýyllarda şäheriň Ruhnama köçesiniň ugrunda kemala gelen binagärlik toplumynyň esasylarynyň birine öwrüler.Öz nobatynda, Türkmenabatda bina ediljek täze bina şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ýakynynda gurlar. Şeýle hem bu ýerde Ruhyýet köşgi, “Bagt köşgi”, Merkezi sport toplumy we beýleki durmuş maksatly desgalar bar. “Türkmeniň ak öýi” binalaryny 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.Umuman, “Türkmeniň ak öýi” binasy ýokary inženerçiligiň çylşyrymly ýörelgelerine eýe bolan özboluşly desgadyr.

Taslama laýyklykda, bina häzirki zaman tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyrylar.Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, sahnaly we manežli konsert zallary we beýleki otaglar bolar.Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Saýaly we pürli agaç nahallary, dürli bezeg gülleri ekiler we özboluşly yşyklandyryş ulgamy oturdylar.Mundan başga-da, bu ýerde sadaka çärelerini geçirmek üçin 3 müň orunlyk bina, dikuçar meýdançasy, awtoduralga, dürli inženerçilik-tehniki desgalar bolar. Ýeri gelende aýtsak, bu ajaýyp binalary ýerli gurluşykçylarymyz gurar.

Orazmuhammet REJEPGULYÝEW,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Ýazyjylaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan maslahat we aýdym-sazly dabaralar