Ak şäherim Aşgabat atly halkara sergisi öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar bilen tanyşmaga çagyrýar

Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda Ak şäherim Aşgabat atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlajakdygyny habar berýäris.Bu halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143-nji jaý) geçiriler.

Sergide senagat, gurluşyk, energetika, şäher gurluşygy, tehnologiýalar we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan 180-den gowrak kompaniýanyň önümleri hem-de döwrebap çözgütleri görkeziler.Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan we türkmen işewürliginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy halkara kompaniýalar bar.

Sergi işewürlik gatnaşyklary, täze hyzmatdaşlary gözlemek, tejribe alyşmak we halkara aragatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança öwrüler.Bu çäre türkmen telekeçileri üçin öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga, täze işewür hyzmatdaşlary tapmaga we daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen göni hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Serginiň çäklerinde B2B görnüşindäki köpsanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, tanyşdyryşlar we täjirçilik teklipleriniň alşylmagy guralar.Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.

Serginiň iş tertibi: 24-nji maý sagat 12:00-dan 18:00-a çenli; 25-nji maý sagat 09:00-dan 15:00-a çenli.Serginiň geçirilýän ýerine şu awtobus ugurlary arkaly baryp bilersiňiz: 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanan Ak şäherim Aşgabat halkara sergisine gelmäge çygyrýarys hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bilen tanyşmak, peýdaly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak üçin döredilen bu ajaýyp pursatdan peýdalanmaga çagyrýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň taryhyndaky şanly seneden ugur alýan, iň iri halkara sergi çäreleriniň biriniň agzasy bolmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Ýene degişli makalalar

Ýaş türkmen futbolçylary Daşkentde geçen AFL Kids Cup-2024 halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 atly halkara maslahat we sergi geçiriler
14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda Türkmentel 2024 atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler
Jan Tehnologiýa Türkmentel-2024 sergisinde innowasion sanly çözgütlerini tanyşdyrar
Ertir Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi başlaýar
Aşgabatlylar Baýramçylyk öňündäki awtobus kynçylyklaryndan 'nägile bolýar'