Ak şäherim Aşgabat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Ak şäherim Aşgabat” güni mynasybetli şowhunly, aýdym-sazly ertirlik geçirildi.Güneşli Türkmenistan Watanymyzda gözel şäherimiz Aşgabadyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçmek ençeme ýyl bäri däbe öwrüldi.

Aşgabat gözelligiň, tämizligiň, ajaýyplygyň şäheri. Şäheriň sergin säherlerinde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýar.Ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galýarsyň.

Gün-günden gözelleşýän Watanymyzda her bir gün toý-baýrama beslenen.Mähriban Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar.Toýlar asudalygyň, parahatlygyň nyşany.Türkmen halkynyň bellenilmegi däbe öwrülen baýramçylyklaryndan biri bolan Aşgabat şäheriniň güni türkmen halkynyň öz şäherine bolan buýsanjynyň, guwanjynyň toýudyr.

Geçirilen çärede paýtagtymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýaňlandy.Mekdebiň direktory we mugallymlary çykyş edip, ýürek buýsançlaryny aýtdylar.Okuwçylar bolsa gözel şäheriň waspyny ýetirýän goşgular okadylar.Edebi-sazly ertirligiň dowamynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş okyjylaryň arasynda geçirilen “Sesli ertekileri okaýaryn” atly bäsleşikde ýeňiji bolan körpeje okyjylara, mekdebiň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirilip, olara kitaphananyň adyndan “Hormat haty” gowşuryldy.

Edebi duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillerimize giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
Haly türkmeniň kalby
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Zenan telekeçiniň kärhanasynda aýda 10 müňden gowrak gaplanan önümler öndürilýär
Hazaryň türkmen kenary dünýä syýahatçylygynyň merjeni