Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy

Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy

Ak Tamda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndan getirilen pişik mesgen tutundy, bu barada düýn amerikan lideriniň aýaly Jill habar berdi. Jill Baýden Twitterdäki sahypasynda pişigiň birnäçe suratyny ýerleşdirip, “Uillowy garşylaň!” diýip ýazdy.

Ak Tamyň täze ýaşaýjysynyň Uillou ady ýöne ýere saýlanmady diýip, Fox News teleýaýlymy habar berýär. Pişige Jill Baýden özüniň dogduk şäheri Uillou-Growyň adyny dakdy.

Ýurduň birinji hanymynyň metbugat-sekretary Maýkl Larosyň nygtamagyna görä, Pensilwaniýadan getirilen pişik Jo Baýdende 2020-nji ýylda Prezident saýlawlaryna saýlawçylar bilen duşuşyk wagtynda ýakymly täsir galdyrypdyr, şol gezek öý haýwany böküp sahna çykyp, onuň çykyşyny bölüpdir.

Mundan öň Ak Tamda 2009-njy ýyla çenli Hindistan lakamly gara pişik ýaşapdyr.

ABŞ-nyň Prezidentiniň maşgalasynyň bu pişikden başga nemes owçarkalary hem bar.

The New York Times gazeti ýurduň öňki Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamdaka öý haýwanlary saklamakdan ýüz öwrendigini, ondan öňki Prezident Barak Obamanyň senator Edward Kennediniň sowgat beren Bo diýen portulag itini saklandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
ABŞ-nyň Resmisi Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti ähli musulmanlary Oraza baýramlary bilen gutlady
BMG Tarapyndan Idlibe 73 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy