Akdamar Adasynda Buthanada 12-nji Dini Çäre Geçirildi

Akdamar Adasynda Buthanada 12-nji Dini Çäre Geçirildi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýörite rugsatnamasy bilen ýylda bir gezek ybadata açylýan Wan kölünde Akdamar Adasynda ýerleşýän buthanada 12-nji dini çäre geçirildi.

Şu ýylky dini çärä dünýäniň çar tarapyndan gelen din adamlary gatnaşdy.

Dini çäre ruhany Drtad Uzanýan tarapyndan gönükdirildi.

Dini çärä ýolbaşçylyk eden ruhany Maşalýan taryhy binalarda ybadat etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Maşalýan “Geldik we erkin ýagdaýda ybadatymyzy etdik. Şuňa meňzeş taryhy ýerler ýurduň esasy gymmatlyklaryndan biri. Bu topraklaryň öwüşginli, köp medeniýetli dini geçmişine şaýatlyk edilýär. Biz hem her bir adam ýaly bu gymmatlyklaryň goralmagyny arzuw edýäris we minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Häkimiýetler 'diňe ygtybarly adamlary' haj zyýaratyna ibermäge taýýarlyk görýär  
Eýranyň Prezidenti Ýurdunyň Ykdysady Taýdan Agyr Günleri Başdan Geçirýändigini Aýtdy