“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy

“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy

Halkara astronomlar topary tarapyndan geçirilen täze barlaglar “Akmaýanyň ýoly” galaktikasynyň şu wagta çenli ykrar edilen wagtyndan 2 milliard ýyl öň emele gelip başlandygyny görkezdi. Bu onuň Älemdäki iň gadymy galaktikalaryň biridigine güwä geçýär.

Barlaglaryň netijesi Nature žurnalynda ýerleşdirildi.Alymlaryň şeýle netijä gelmegine Ýewropa ESA kosmos wekilhanasynyň Gaia missiýasynyň kömegi bilen geçirilen synlamalaryna esaslanýar.Astronomlara Akmaýanyň ýolunyň “galyň disk” diýilýän bölegini öwrenmek başartdy.

Täze maglumatlaryň seljerilmesi biziň galaktikamyzyň şu böleginiň mundan takmynan 13 milliard ýyl öň ýa-da “Uly partlamadan” 800 million ýyl geçensoň emele gelip başlandygy barada netijä gelmek üçin esas berdi.

Bu öňki hasapdan iki milliard ýyl öň diýildigidir.

Astronomlar şeýle-de “Akmaýanyň ýolunyň” taryhynyň iki tapgyryny kesgitlediler. Birinji tapgyrda “Uly partlamadan” 800 million ýyl soňra “galyň disk” ýyldyzlary döredip başlapdyr, bu iki milliard ýyl töweregi dowam edipdir. Mundan soň “Akmaýanyň ýolunyň” goňşy Girdenek galaktika bilen çaknyşygy bolupdyr, bu älem heläkçiligi “inçe diskiň” döremegine getiripdir, mundan soň ýene täze ýyldyzlar we Gün emele gelip başlapdyr diýip alymlar belleýärler.

Bu barada “rg.ru” ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Biler bolsaňyz!..
Başyndan aýagyna çenli 200 müň ýyl
Kosmos barada