Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi

Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi

Senegally we amerikaly reper, aýdymçy Akon türkmenistanly diňleýjileriň öňünde ikinji gezek hem konsert bilen çykyş etdi. Ikinji konsert hem Ak bugdaý etrabyndaky Türkmeniň Ak öýi binasynda geçirildi.

Konserte müňlerçe türkmenistanly mugt gatnaşmak mümkinçilgine eýe boldy.

Akon konsertde DJ Benny Demus bilen bile çykyş etdi. Ol Beautiful, Smack that, Right now, Lonely, I Wanna Love You ýaly meşhur aýdymlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdi.

Sahnada şwesiýaly sazanda Dr. Alban hem çykyş etdiler. Dabara ýygnananlar onuň 1992-nji ýyldan bäri meşhurlygyny gorap gelýän It’s My Life atly aýdymyny has uly şowhun bilen garşyladylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda baky juwan jaz ýaňlandy
BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda
BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda
Meşhur aktwist barada täze film
Dünýä dilleri - dostluk ýollary at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi
Hindistanda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda Türkmenistana alty agyr atletikaçy wekilçilik eder