Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja bagynda “Akpamygy okap, düşüneliň doganlygyň gadryna” atly gürrüň geçirdiler.Bu ertekiniň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler.
Ertekiniň üsti bilen körpeleriň edepli, ula hormat goýup, kiçä sylagly bolmalydygy hem-de kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy barada bellediler. Şeýle-de çagalar bilen ertekiniň gahrymanlary esasynda özara gyzykly sorag-jogap alyşdylar.
Bu geçirilen gürrüň çagalarda uly täsir galdyrdy.
