Aksoltan Ataýewa ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

Aksoltan Ataýewa ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ESKATO-nyň, esasan, durnukly ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy bolan SPECA-nyň çäklerindäki gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Hökümetini Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady we özüniň Durnukly şäher ulagy: DÖM-iň 11-nji maksadyna ýetmekde durnukly ulag we Arkadag şäheriniň modeli bilen bagly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli Maslahatyna taýýarlyk çäresine gatnaşjakdygyny tassyklady.

Ol Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 17-nji iýulda EKOSOS-yň howandarlygynda geçjek ýokary derejeli syýasy forumyň çäginde guralar.

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili ESKATO-nyň ýolbaşçylygyna we sekretariatyna, BMG-niň Aral deňzi boýunça ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky komissiýanyň kararyny kabul etmekde türkmen tarapyna berlen goldawy we işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we BMG: giň gerimli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan ― ESKATO gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça maslahata gatnaşdy