Aksoltan Ataýewa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aksoltan Ataýewa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

5-nji iýunda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýongmin Park bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekilhanasynyň resmi sahypasynda habar berlişine görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tuutlýan ugurlary, şeýle hem halkara guramalarynyň, esasanam BMG-niň çäginde iki ýurduň özara gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Diplomatlar 2024-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň aralygyndaky saýlawlary, hususan-da Koreýa Respublikasynyň dalaşgärlige hödürlenmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maglumat üçin bellesek, BMG-niň HG-niň düzümine 15 döwlet girýär. Olaryň bäşisi hemişelik agzalardyr we weto girizmek hukugyna eýedir. Ol ýurtlar Britaniýa, HHR, Russiýa, ABŞ we Fransiýa. Hemişelik däl agzalar bolan 10 döwlet iki ýyl möhlete saýlanyp, her ýyl olaryň bäşisi çalşylýar.

Ministriň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Geňeş agzalygyna saýlanan halatynda howpsuzlyk, parahatçylygy saklamak, zenanlaryň hukuklaryny goramak, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly ugurlara aýratyn üns bermegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Aksoltan Ataýewa Ýongmin Parka ýetip gelýän saýlawlarda üstünlik arzuw etdi we Koreýa Respublikasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanyp, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek babatda uly işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Ataýewa 2023-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy 16-njy hyzmatdaşlyk forumyny geçiriljekdigi barada belläp, Aşgabadyň Seul bilen ikitaraplaýyn özara peýdaly we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi täzelendi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany