Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar

Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji fewralda Balkan welaýatyna iş saparyna baryp, Garagumyň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.Neşiriň maglumatyna görä, döwlet baştutany bu ýerde döwrebap oba gurmak, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça taslamalar bilen tanyşdy.

Emma bu sebitde ýaşaýan maldarlaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysy bilen duşuşyp, özleriniň ata-baba ýaşap oturan Akýaýla obasyndan göçürilip, kyn ýagdaýa salnandyklaryny gürrüň berdi.Adynyň aýdylmazlygyny soran maldarlar prezidentiň dikuçarynyň ilki gonan ýeriniň Akýaýla obasy bolandygyny aýtdylar, emma döwlet eýeçiligindäki mediada ýaşaýjylary göçürilen oba, maldarlaryň çeken maddy zyýanlary, olara tölenmeli kompensasiýalar agzalmaýar. “Akýaýla Balkan welaýatynyň Serdar etrabyna degişli, 100-den gowrak hojalykly çarwa obasydy, her hojalygyň 30-40 sotuk ýeri bardy.

Guýularymyz bardy.Emma bizi 2007-nji ýylyň aýagynda, 2008-nji ýylyň başynda, “Altyn asyr” köli gurlup başlanda, öz gadymy obamyzdan kowup çykardylar, jaýlarymyz ýykyldy, mekdebimiz ýumruldy, çagalarymyz okuwsyz galdy, emma döwlet biziň halymyzdan habar almagyň pikirini hem etmeýär” diýip, oba damlary Azatlyga gürrüň berdiler. ​Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, Garagumyň gyrynyň üstünde ýerleşýän Akýaýla we onuň golaýyndaky Baleýşem obalary taryhy obalardy, han Jüneýit ady bilen tanalan Gurbanmämmet serdar bu ýerde bolşewikler bilen soňky darkaşlaryny gurup, soň daşary ýurda çykyp gidipdi. “Biziň obamyzy gyssagly göçürmeli etdiler.

Munuň sebäbini “Altyn asyr” kölüniň Daşoguz tarapdan gelýän akabasynyň gaty golaýymyzdan geçjegi, üstesine bu ýerde “Akýala” suw howdanynyň dörediljegi bilen düşündirdiler” diýip, Akýaýlanyň ozalky ýaşaýjylary gürrüň berdi. Şeýle-de olar Akýaýlada 50 çemesi hojalygyň heniz hem göçmän oturandygyny, emma olaryň hem durmuş şertleriniň göçenleriňkiden gowy däldigini aýtdylar.

Türkmen mediasy bu ýerdäki tebigy howdana 970 million kub metr suwuň ýygnanyp, soň “Altyn asyr” kölüne akyp gidýändiginihabar berýär.Akýaýlalylar öňki obalarynyň 5-6 km günorta-gündogaryndaky takyrlykda ýerleşipdirler. “Ozal syrgyn bolup oturýardyk, indi bäş-alty öýli bolup, topbak-topbak bolup oturýarys, her topbagyň arasy ortaça 500-1000 metr” diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bu ýere baryp, obasyndan göçürilen adamlaryň häzirki durmuş şertleri bilen tanyşdy.Obalylar “gadymky ýurdumyz, gapymyzdaky mal-garamyzyň öwrenişen örüsi” diýip otyrys, ýogsa şertler gaty agyr” diýip, habarça ýagdaýlaryny gürrüň berdiler. “Iň esasy suw ýok, guýularymyz suw howdanynyň astynda galdy, tebigy gazam ýok, gaz öňki obamyza hem çekilmändi, mekdep, medpunkt ýok, elektrik energiýasy ýok, ýogsa öňki obamyzda tok bardy; özümiz owarram diýsek, çagalarymyzyň okuwy, geljegi bilen hem gyzyklanýan ýok” diýip, olar aýtdy.

Habarçy bu obada 13-14 ýaşan, emma mekdep gapysyndan ätlemedik çagalaryň kändigini, olaryň okap-ýazmakdan geçen, 10-a çenli sanap hem bilmeýändigini habar berýär.Aýdylmagyna görä, bu ýerde öýjükli telefon aragatnaşygy hem elýeterli däl, oba adamlary ölüm habarlaryny hem 80 km uzaklykdaky Kirpili obasyna (Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär) ýa-da onuň golaýyna baryp, mobil telefon arkaly ýetirýärler. “Köne obamyzda birki hojalykda mobil telefon bar, gaty gyssansak, şolardan jaň edip bermeklerini haýyş edýäris” diýip, oba adamlary gürrüň berýär.

Obalylaryň maldarçylykdan beýleki gazanjy balykçylyk bilen bagly, olar “Altyn asyr” kölünden ýa-da Daşoguzdan gelýän zeý suwuna tor taşlap, balyk tutýarlar.Ol balyklary Serdar (Gyzylarbat), Bäherden etraplaryndan, çendan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan gelen adamlar, käte öňünden toý üçin 50-60 kg balyk tutup bermeklerini haýyş edip, satyn alýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. “Biziň görýän görgülerimiz bilen gyzyklanýan adam ýok, telewideniýede bolsa mydama erteki aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan akýaýlalylar öz seslerini Azatlygyň üsti bilen halkara jemgyýetçilgine eşitdirmäge umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.

Fewralyň aýagynda bu ýerde amala aşyrylýan işler bilen tanyşmak üçin guralan çärä, ýerli ýolbaşçylardan başga, BMG-niňTürkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Natiýa Natswlişwili, BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň direktory Paulina Karwowska, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebord dagy hem gatnaşdy. “Garagumda iri emeli suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň suwarymly ýerleriniň ýagdaýlaryny gowulandyrdy we topragyň şorlaşmagy, batgalygyň we guraklygyň emele gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri çözdi” diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylýar.

Emma ýerli synçylar “Altyn asyr” kölüne toplanmagy planlaşdyrylýan suwuň ýygnanmagy üçin, häzirki suw ýygnanyşyndan hasap tutulsa, 200 ýyldan gowrak wagtyň gerekdigini, hakykatda bu taslamanyň ozal Garagum kanaly gurlanda goýberilen düýpli ýalňyşlyklary çuňlaşdyrmak we ekologiki meseleleri has-da çylşyrymlaşdyrmak bolup durýandygyny öňe sürýärler.

Resmi maglumatlar: Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda, Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän Garaşor çöketliginiň -tebigy howdanyň uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, ortaça çuňlugy 70 metre barabar bolup, tebigy göwrümi 132 kub kilometre deň.Bu desganyň ilkinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berildi.

Aralyň çägi boýunça umumy uzynlygy 386 kilometr bolan Daşoguz sowujy akabasy, umumy uzynlygy 720 kilometr bolan Baş kollektor çekildi.Ol gözbaşyny Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndan alyp, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýär. “Altyn asyr” kölüniň ulgamyna girýän şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2659 kilometr, Baş kollektora birigýän welaýatlardaky akabalaryň uzynlygy1553 kilometr, häzirsuw ýygnanýan “Ak ýaýla” suw howdanynyň mukdary 970 million kub metre barabar.

Azatlyga bu taslama şu wagta çenli harçlanan döwlet serişdesiniň möçberi, ol serişdeleriň näçe ýylda özüni ödejegi baradaky maglumatlary tapmak häzirlikçe başartmady.

Ýene degişli makalalar

Ýykylan Akýaýlanyň golaýynda täze oba gurulýar, synçylar ekologiýa aladalaryny duýdurýarlar
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Prezident Balkanda maslahat etdi, 'tozdurylan maldarçylyk' barada dymyldy
28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn Asyr Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaý bilen tanyşdy
Berdimuhamedow halkara guramalarynyň wekillerine “Altyn asyr” kölüni görkezdi (foto)