“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi

“Premier Liganyň” hem-de UEFA Çempionlar Ligasynyň çempiony “Mançester Sitiniň” alžirli ýyldyz Riýad Mahrez hem soňa däbe eýerdi.Ozaldanam arap klublary bilen ady agzalýan ýyldyz oýunçy Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” toparynyň düzümine goşuldy.

Er-Riýad şäheriniň wekili 32 ýaşyndaky wingeri 35 million ýewro transfer edip, onuň bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Al-Ahli” topary oýunçynyň özüne-de ýyllyk 35 million ýewro hak tölär. 2018-nji ýylda “Lesterden Sitiden” “Mançester Sitä” transfer bolan Mahrez şäherlileriň düzüminde 236 oýunda 78 gol geçirip, 59 goluň pasyny berdi.

Mahrez “Al-Ahli” toparynyň “Premier Ligadan” 3-nji transferi bolup, olar öň Çelsiden derwezeçi Eduard Mendini, şeýle-de, “Liwerpuldan” braziliýaly hüjümçi Roberto Firminony transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
97 utuk çempionlyk üçin ýeterlik bolmady
“Mançester Siti” 2-nji tapgyra çykdy