“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi

“Premier Liganyň” wekili “Nýukasl” toparynyň fransiýaly wingeri Allan Sen-Maksimen hem arap klublarynyň hataryna goşuldy. 32 ýaşyndaky oýunçy Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Arap kluby Sen-Maksimeniň transferi üçin iňlis toparyna 23 million funt sterling tölär.Fransiýaly oýunçy “Nýukaslda” 4 möwsümde 124 duşuşykda meýdança çykdy.Ol 13 gol geçirip, 21 goluň pasyny berdi.

Jidda şäheriniň wekili “Çelsiden” Eduar Mendini, “Liwerpuldan” Roberto Firminony hem-de “Mançester Sitiden” Riýad Mahrezi transfer edipdi.Topara germaniýaly Mattias Ýaýssle tälim berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy