Katar, Saud Arabystany we Müsüriň Al-Azhar uniwersiteti Sionist şäherçelerde ýaşaýan Ýewreýleriň Al-Aksa metjidiniň toplumyna eden hüjümini we Günbatar Şeriýadaky Hajja Hamida metjidiniň ýakylmagyny aýry-aýry beýanatlarda ýazgardylar.
Kataryň Daşary işler ministrligi sionist Ýewreýleriň musulmanlaryň mukaddes ýerine eden hüjüminiň halkara hukugynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlarynyň aç-açan bozulmasydygyny we Al-Aksa metjidiniň taryhy we dini derejesini üýtgetmäge edilýän islendik synanyşygyň diňe palestinalylara däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerindeki millionlarça musulmanlara edilen hüjümdigini mälim eden beýanat ýaýratdy.
Katar palestina meselesine we bu ýeriň halkynyň erkin ybadat etmek we garaşsyz döwlet gurmak hukugyna berk goldaw berýändigini gaýtalady.
Saud Arabystany hem şäherçelerde ýaşaýan Sionist Ýewreýleriň Al-Aksa metjidiniň toplumyna eden hüjümini we Günbatar Şeriýadaky Hajja Hamida metjidiniň ýakylmagyny ýazgardy we palestina halkynyň hukuklarynyň basyp alyjylar we ekstremist köçkünler tarapyndan yzygiderli bozulýandygyny yglan etdi.
Saud Arabystany bu hereketleriň öňüni alyş çäresi bolmazdan dowam etdirilmeginiň halkara parahatçylygy üçin edilýän tagallalary gowşatjakdygyny we dartgynlylygyň güýçlenmegine we çaknyşyklaryň dowam etmegine getirjekdigini duýdurdy.
Müsüriň Al-Azhar uniwersiteti hem göçmenleriň Günbatar Şeriýada metjidi ýakmak hereketini "terrorçy, ekstremist we ýigrençli jenaýat" diýip atlandyrdy we ony iň berk sözler bilen ýazgardy. Penşenbe güni Sionist göçmenler Günbatar Şeriýadaky Deýr-Estýa şäherindäki metjidiň käbir böleklerini ýakdylar we onuň diwarlaryna ýewreý dilinde jynsparaz şygarlar ýazyp başladylar.
Metjidiň otlanmagy şu ýyl sionistleriň metjidlere we yslam mukaddes ýerlerine yzygiderli hüjümleriniň bir bölegidir. Palestinanyň adam hukuklary guramalary metjidleriň ýakylmagy, Mukaddes Guranyň kemsidilmegi we palestinalylary kowmaga ýa-da gyrmaga çagyrýan şygarlaryň ýazylmagy ýaly onlarça şeýle wakany dokumentleşdirdiler.
