Aleksandr Şirwindt aradan çykdy

Aleksandr Şirwindt aradan çykdy

Russiýanyň halk artisti, ýurduň Satira teatrynyň prezidenti Aleksandr Şirwindt 89 ýaşynda hassahanada aradan çykdy. Bu barada TASS habar berdi.

Artist ýürek hassalygyndan ejir çekýärdi.

Aleksandr Şirwindt sowet we russiýaly teatr hem kino aktýory, teatr režissýory, ssenariçi, mugallym, teleýaýlymda alypbaryjy we ýazyjydyr.

Ol ýurduň Şukin adyndaky teatr uçilişşesini tamamlap, köp ýyllaryň dowamynda dürli teatrlarda işledi, teleseriallarda we filmlerde surata düşdi. Sahna oýunlaryny ýazdy hem-de sahnalaşdyrdy. Satira teatryna 20 ýyllap ýolbaşçylyk etdi.

Ýene degişli makalalar

Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
Lukaşenko Belarus üçin döwlet ideologiýasynyň gerekdigini aýtdy
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Dollaryň ýerini tutup biljek pul agzaldy