Ali Şir Nowaýy

Ali Şir Nowaýy

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Mahmyt Kaşgarydan soň türki dile iň uly goşat goşan, Orta asyr türki medeniýetde möhüm orun tutýan şahyr, pikirzada, döwlet adamsyz Ali Şir Nowaýy hakynda maglumat bermekçi.

Muhakemetul Lugateýn, ýagny Dilleriň deňeşdirmesi atly eserinde türki diliň ýerine pars dilinde eserler ýazanlara garşy türki dil bilen pars dilini deňeşdirip, türki diliň pars dilinde baýdygyny mysallar bilen beýan eden Ali Şir Nowaýy kim?

Nowaýy 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Hyratda dünýä inýär.Kakasy Kiçkine Bahadyr Timurlylaryň hyzmatynda bolan, Babur şanyň köşkünde emeldarlyk eden adamlardan biridir. Şeýle hem babasy Bu Said Çeçek Hüseýin Baýkaranyň atasy Baýkara Mürzäniň häkimidi. 1452-nji ýylda Kiçkine Bahadyr ogly Ali Şiri Babur hanyň hemaýatyna berýär. Şol wagtlar Babur han Hüseýin Baýkara hem hemaýatkärlik edýärdi.

Babur 1456-nji ýylda Maşada gidenden ýanynda Baýkara bilen Ali Şiri hem alyp gidýär. 1457-nji ýylda Babur Maşatda dünýeden ötenden soň Hüseýin Baýkara Hyrada dolanýar, Ali Şir bolsa şol ýerde galyp, bilimini dowam etdirýär. Şol mahallar oňa Timurlylardan Seýýin Hasan Erdeşir kömek edýär.

Ali Şir Maşatda Ymam Ryza medresesinde okaýarka köp sanly eýranly alym hem-de şahyr bilen tanyşýar, olaryň ençemesinden ders alýar. 1464-nji ýylda Maşatdan Hyrada gelen Ali Şir, ol ýerde Abu Said Mürzänin hyzmatyna duran hem bolsa, tamasy çykmandygy üçin Samarkanda gidýär we Haja Jelaleddin Fazlullah Abul Leýsiniň medresesine başlaýar. 1469-njy ýylda Abu Sait Mürze Akgoýunly döwletine, Yraga sapara çykýar. Şol saparda Akgoýunly döwletiniň hökümdary Uzyn Hasan Abu Sait Mürzäni öldürýär. Şol habary eşiden Hüseýin Baýkara Hyrady alyp, 1469-njy ýylda tagta çykýar.

Hüseýin Baýkara tagta çykandan soň dosty Ali Şir Nowaýyny ýanyna çagyrýar.Bir aý soň Nowaýy Samarkantdan gaýdyp, köşke ýerleşýär we ömrüniň ahyryna çenli Hyratda hökümdaryň iň wepaly emeldarlaryndan biri bolýar.

Köşkde hökümdaryň diwan begi we kömekçisi bolup işleýär.Edarada hökümdardan soň sözi we täsiri iň ýörginli adamdy.Resminamalarda möhrüni üssüne basmagyň ýerine aşagyna basýardy we bu usul soň resmi däbe öwrülýär. 1500-nji ýylyň 31-nji dekarynda Hüseýin Baýkara bilen salamlaşýarka infarkt bolýar we 3-nji ýanwarda dünýeden ötýär.

Nowaýy Kudsiýýe metjidiniň golaýynda özi tarapyndan gurdurylan türbede jaýlanýar.

Ençeme eser goýup giden Nowaýynyň Orta Aziýada türki diliň we edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşandy bolupdyr. Şol sebäpli çagataý diline “Nowaýynyň dili” diýilýär.Eserleri Türküstandan daşgary Azerbaýjan we Anadoly sebitlerinde-de okalýan Ali Şir Nowaýy Osman şahyrlary tarapyndan ussat kabul edilipdir.

Oňa bagyşlap 15-nji asyrdan bäri ençeme şygyrlar ýazypdyrlar.Ali Şir Nowaýy diwan şygyrynda türki halklaryň milli we ýerli aýratynlyklaryny goşup, özbolyşly ýol döredipdir. “Men türki alymlaryna hakyny gaýtaryp berendigime ynanýaryn. Öz dileriniň nähili dildigine göz ýetirdiler we parsça sözleýänleriň türki dilini kemsidýän sözlerinden halas boldular.

Türki şahyrlar meniň bu gizli hakykaty ýüze çykarmak ugrundaky tagallama düşünerler we meni haýyr bilen ýad ederler diýip tama edýarin.Ine şonda ruhum şat bolar” diýen meşhur sözleri, Dilleriň deňeşdirmesi atly eserini ýazýarka beýan edilipdir.

Şahyryň türki dil hakyndaky pikirlerine we şygyrlarynyň ýazylyş maksatlaryna oňa degişli iki setirlik beýanda iňňän ýerlikli düşündirýär: Türki şahyrlarň ählisi pars dilini öwrendiler.Hanyndan guluna çenli her bir türki pars dilini öwrenip bilýär.

Emma parslaryň hiç haýsysy türi dilde gepläp bilmez, geplese hem aýdýanlarynyň manysy bilmez” diýýär.Parsça möhüm we detally mowzuklaryň beýan edilmeginde ýeterlik baýlyga eýe däl.Türki diliň kämilleşmeginde we adalga dünýäsiniň giňişliklerinde ençeme inçelikleri bar.

Emma olaryň bilinmegi üçin sowatly adamlar tarapyndan düşündirilmegi gerek.” Bu garaýyşda hem görülşi ýaly, Ali Şir Nowaýy diňe bir döwlet adamsy ýa-da şahyr däl, türki diliň geljeginiň halas edijilerinden biridir.

Onuň eserleri Diwanlar, Hamsa, Tazkiralar, Dil we edebiýat eserleri, Dini-ahlaky eserler, Taryhy eserler, Biografiki eserler görnüşinde öwrenilipdir.Eserleri Fransiýada, Russiýa, Türkiýede, Gazagystanda, Özbegistanda beýleki ençeme ýurduň kitaphanalarynda saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
Magtymguly Pragy
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan