Ali Ýerlikaýa "Gürz-12" operasiýasy barada maglumat berdi

Ali Ýerlikaýa "Gürz-12" operasiýasy barada maglumat berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Şyrnak welaýatynyň Judi dagy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada, guramanyň ok-däri ammary hökmünde ulanylan gowagynyň ýok edilendigini habar berdi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, howpsuzlyk güýçleriniň Şyrnak welaýatynyň Judi dagy sebtinde "Gürz-12" operasiýasyny geçirýändigini mälim etdi.

Ministr Ali Ýerlikaýa, operasiýada terrorçylaryň ok-däri ammary hökmünde ulanylan gowagynyň anyklanandygyny, köp sanda partlaýjy maddanyň, ýaragyň we enjamlaryň ýok edilendigini aýan etdi.

Ali Ýerlikaýa: "Terror guramasynyň logistik maksatly ulanmak we aksiýa geçirmek üçin taýarlan hinleri anyklanyp, ýumruldy. Eziz milletimiziň ýylyň 365 güni, 4 möwsümi, 12 aýy, gije-gündiz diýmän hem şäheriň içinde hem-de obalyk ýerlerde operasiýalar geçirýändigimizi bilmegini isleýärin. Terrora garşy göreşimiz soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder. Operasiýany geçiren gahryman Žandarma güýçlerimizi gutlaýaryn" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-a agza ýene-de iki terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi