“Alibaba täze äýnek çykardy

Alibaba kompaniýasy Hytaýda Quark emeli aňy bilen işleýän äýneklerini çykardy. Bu hytaý tehnologiýa kompaniýasynyň emeli aňly dakylýan enjamlar bazaryna girendigini alamatlandyrdy. Qwen AI” modeli we “Alibaba” programmasy bilen işleýän garnituranyň bahalary 1899 ýuandan (268,25 dollar) başlar.

“Meta” ýaly kompaniýalar tarapyndan öndürilen beýleki garnituralardan tapawutlylykda, “Quark” äýnekleri gara plastik çarçuwaly adaty äýneklere meňzeýär.

“Alibaba” kompaniýasy äýnekleriň “Alipay” töleg programmasy we “Taobao” söwda saýty ýaly programmalary bilen berk utgaşdyryljakdygyny we ulanyjylaryň olary ýolda terjime etmek we bahany derrew tanamak ýaly işler üçin ulanyp biljekdigini habar berdi.

Beýleki hytaý tehnologiýa kompaniýalary hem emeli aň bilen işleýän şuňa meňzeş äýneklerini çykardylar. Iýun aýynda “Xiaomi” öz önümini çykardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýyly diýip yglan etmek hakynda karary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi