
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň (ÝSB) ilkinji maslahatynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen dörttaraplaýyn duşuşyk geçirer.
“Armenpressiň” habar bermegine görä Paşinýan; “Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň sammitine gatnaşmak üçin Praga gidýärin. Ol ýerde meniň, Azerbaýjanyň Prezidenti, Fransiýanyň Prezidenti we ÝB Geňeşiniň Başlygynyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegşi meýilleşdirilýär” diýdi.
Çehiýanyň paýtagty Pragada ÝB-ne agza 27 ýurduň ýany bilen ÝB-ne agza däl 17 Ýewropa ýurdunyň çagyrylan maslahaty şu gün geçirilýär.
Maslahata Prezident R.T.Erdoganyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň ahyrynda resmi jarnamanyň çap edilmegine ýa-da resmi kararyň kabul edilmegine garaşylmaýar.