Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy

Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada assosiasiýanyň saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

Alkaras duşenbe gününe geçilýän gije “Uly tuwulga” ýaryşy bolan US Open-iň ýeňijisi boldy.Ol 6740 utuk gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy boldy we bu orundan russiýaly Daniil Medwedewi gysyp çykardy.

Medwedew reýtingde 13 hepde 13-nji iýundan bäri öňdebaryjydy.Häzir Medwedew dördünji orna düşdi (5056 utuk).Ondan öňde norwegiýaly Kasper Ruud (2-nji orun, 5850 utuk) we ispaniýaly Rafael Nadal (3-nji orun, 5810 utuk) ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Andreý Rublýow ATP ýaryşynyň finalynda Nowak Jokowiçden üstün çykdy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi