Almatydaky ýer titremede 67 adam ejir çekdi

Almatydaky ýer titremede 67 adam ejir çekdi

Düýn 23-nji ýanwarda gije Almatyda bolan güýçli ýer yranmasynda ejir çekenleriň sany 67 adama ýetdi diýip, şäheriň akimatynyň metbugat gullugyna salgylanýan MIR24 habar berdi.

Ejir çekenleriň 55-siniň uly ýaşly adamlardygy, 12-siniň çagadygy habarda aýdylýar, olara degişli lukmançylyk kömegi berildi.

Güýji 6,7 bala deň bolan ýer yranmasy Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň serhedinde, Almatydan 264 kilometr günorta-gündogarda hasaba alyndy.

Şäheriň ilaty güýji 5 bala deň bolan ýerasty sarsgynlary duýdy. Ýertitremäniň ojagy 9 kilometr çuňlukda ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Bella Notta” haryt nyşanly öý-hojalyk dokma önümleri öndürilip başlandy
Connect for Peace Festival 2026 festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekiliýeti Almaty şäherinde iş saparynda bolýar
Halkara birleşigiň agzasy boldy
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar