Alpina brendi BMW kompaniýasynyň düzümine girdi

Alpina brendi BMW kompaniýasynyň düzümine girdi

Alpina nemes firmasy BMW awtoulaglarynyň kuwwatly wersiýalarynyň üsti bilen giň meşhurlyk gazandy. Ýaňy-ýakynda brend BMW kompaniýasynyň düzümine girizildi.

Alpina 1983-nji ýylda resmi ýagdaýda ulag öndürijiniň statusyna eýe boldy. Geçen ýyl kompaniýa täze rekord goýmany başardy - 2000 gowrak BMW Alpina awtoulagyny goýberdi. Emma ekologik kadalaryň we sertifikasiýa talaplaryň berkemegi netijesinde Alpina kimin garaşsyz kompaniýalar işini dowam etdirip bilmedi. Şol sebäbe görä, esaslandyryjylar brendi üýgedip gurmagy karar etdiler.

Indi markanyň ähli hukuklary BMW konsernine geçirildi. Geçirilen geleşigiň bahasy barada habar berilmedi. Bir zat mälim, ol hem BMW brende diňe 2025-nji ýyldan soň ýolbaşçylyk edip biler, sebäbi Alpina bilen BMW-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjünde galýar.

Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda BMW Alpina ulag serişdelerini proýektirlemek we goýbermek bilen Buhloe önümçilik meýdançasy meşgullanar. Deslapky maglumatlara görä, bazara täze modelleriň goýberilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Günbatara seredýän Türkmenistan Türkiýä gaz iberip başlar - Metbugat
8-10-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi
Ahyry ýeňiş gazandy
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy