Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar

Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar

Daga münüjiler Nepalyň häkimiýetlerini Ewerest dagyny zibilden goramaga çagyrýarlar diýip, Habar 24 ýazýar.

Amerikaly Garret Medison dünýäniň iň belent depesine eýýäm 13-nji gezek çykýar, onuň sözlerine görä, her ýyl Ewerestiň eňňitlerinde zibil köpelip gidip otyr. Olar, esasan, jahankeşdeler tarapyndan taşlanan döwük çadyrlar, iýmit galyndylary we plastik torbalardyr.

Häzir alpinistleriň topary daga münmezinden öň zibil üçin 4 müň dollar möçberinde töleg tölemeli edildi. Eger her jahankeşde ýany bilen 8 kilogram zibil getirse, puly gaýdyp berýärler. Emma bu şerti daga münüjileriň diňe ýarysy berjaý edýär.

Geçen ýyl Ewerestde we onuň töwereklerinde 13 million tonna zibil ýygnaldy.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri
26-njy gezek çykdy
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Nýu-Delide Zibil Eweresti ýandy
Raýat kwadrokopteri ilkinji gezek Ewerest dagynyň depesine çykdy
Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrýar, Gazagystan türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar