“Altyn asyryň” nobatdaky ýeňşi

Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynda 18-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.Oýnalan 4 duşuşykda 11 gol hasaba alyndy. 3 oýunda ýer eýeleri, 1 duşuşykda-da myhmançylykdaky topar ýeňiş gazandy.

Sanawyň lideri “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Şagadamy” 20 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymda geçirilen gollary Mihail Titow (29) bilen Selim Nurmyradow (44) öz atlaryna ýazdyrdylar.Edil şeýle hasap bilen tamamlanan duşuşykda “Köpetdag” myhmançylykda “Nebitçini” ýeňlişe sezewar etdi. 7 futbolçynyň sary kart alan oýnunda paýtagt toparynyň gollaryny 11-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow hem-de 90+1-nji minutda penaltiden Ýazgylyç Gurbanow derwezä girizdi.

Tapgyryň iň uly tapawutly ýeňiş gazanan topary 2-nji hatarda barýan “Ahal” boldy.Golaýda tälimçilige Amangylyç Koçumowy bellän “Ahal” öz meýdançasynda “Energetik” toparyny kabul etdi. 40 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahalyň” gollarynyň ikisini Guwanç Abylow, beýlekileri-de Elman Tagaýew bilen Didar Durdyýew tora saldy.

Aşaky orunlarda barýan “Aşgabat” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 21 ýeňiş gazandy. 29-njy minutda Batyr Täçnazarow “Aşgabady” öňe saýlady. Ýöne 1 minutdan soň, Döwlet Baýramow hasaby deňledi.

Paýtagtyň adybir toparyna ýeňiş getiren goly 90+3-nji minutda Nazar Towalakow öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy diýen ada ilkinji gezek Arkadag toparynyň oýunçysy mynasyp boldy