Alymlar Afrikanyň ýolbarslarynyň we pilleriniň haýsy ýyrtyjydan gorkýandyklaryny anykladylar

Alymlar Afrikanyň ýolbarslarynyň we pilleriniň haýsy ýyrtyjydan gorkýandyklaryny anykladylar

Kanadanyň Günbatar Ontario uniwersitetiniň alymlary Afrikadaky ýabany haýwanlaryň kimden gorkýandyklaryny anykladylar. Alnan netijeler hem-ä garaşylyşy ýaly, hem-de geň boldy. Ylmy-barlagyň netijeleri Current Biology (CurBio) ylmy žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Hünärmenler dürli haýwanlaryň we adam seslerini sawannada eşitdirdiler hem-de Afrikanyň haýwanlarynyň özlerini alyp barşyny synladylar. Şonda haýwanlaryň 95 göterimi adamlaryň gürleşýän seslerini eşiden dessine öz ýaşaýan ýerlerini terk edip, gaçmak bilen boldular.

Bilologlar adamyň sesiniň hatda ýolbarslary we şahburunlary, žiraflary, alaja gaplaňlary, syrtlanlary, zebralary we ýekegapanlary gorkuzýandygyny anykladylar. Özem olaryň ählisi-de adama sataşmazlyk üçin suwly güzerleriň ýakalaryny-da terk edýärler. Adamlardan gorky giňden ýaýrandyr. Eger adamlar awlamasa, haýwanlaryň olara ysnyşjakdygy barada pikir bar. Emma biz munuň ýalňyşdygyny subut etdik diýip, ylmy-barlagyň öňbaşçysy, ekobiolog Maýkl Klinçi gürrüň berýär.

Alymlar adamlar bilen ýabany tebigatyň arasyndaky gapma-garşylygyň barha ýitileşjekdigini aýdýarlar, sebäbi adam barha tebigatyň giň çäklerini eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Jozef Baýden ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişdi
Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde öz işine girişdi
Keýlor Nawas CONCACAF boýunça onýyllygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi
ABŞ “Talybanyň” Aşgabatdaky gepleşiklerine 'ýardam berendigini' ret edýär 
Dünýäniň iň uly buz labirinti