Alymlar: Arassa howa koronawirus howpuny azaldýar

Alymlar: Arassa howa koronawirus howpuny azaldýar

Meksikaly alymlar arassa howanyň koronawirusyň ölüm howply derejesini azaltmaga ukyplydygyny kesgitlediler. Geçirilen derňew işiniň çäginde olar COVID-19-yň bir kub metr gaz garyndysynda her mikrogram bölejikler üçin 8% ýokarlanýandygyny anykladylar. Bu barada oane.ws belläp geçýär.

Hapa howa bedeniň kesele garşy göreşijilik ulgamyny ep-esli gowşadýar.Netijede, ynsana wirus ýa-da bakteriýa keselleri aňsatlyk bilen ýokuşyp biler.Ylmy işiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu COVID-19-y hem öz içine alýar. Şu mesele boýunça Gonkong uniwersitetiniň hünärmenleri hem derňew geçirdiler.

Olar Hytaýda howanyň hapalanma derejesiniň koronawirusyň geçijiligine nähili täsir edýändigine baha berdiler.Derňew üçin 1-nji ýanwardan 1-nji aprel aralygynda alnan maglumatlar peýdalanyldy. Şeýlelikde, howanyň hapalanmagy bilen ýokanjyň ýaýrama tizliginiň ýokarlanýandygy anyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Ilatly ýerlerde zir-zibil talaba laýyk arassalanmaýar, yssyda galyndylardan erbet ys ýaýraýar
Elektron enjamlary nähili arassalamaly?
Kompýuteri nähili arassalamaly?
Kömürden ýüz öwürmek baradaky kanun
Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi
Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi
Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady