Alymlar dünýäde içimlik suw gorlarynyň güýçli azalandygyny habar berdiler

Alymlar dünýäde içimlik suw gorlarynyň güýçli azalandygyny habar berdiler

Alymlaryň halkara topary planetada soňky on ýylda içimlik suw gorlarynyň güýçli azalandygyny anykladylar diýip, Surveys in Geophysics (SIG) žurnalyna salgylanýan rg.ru habar berdi.

Emeli hemralardan alnan maglumatlar esasynda 2002-2014-nji ýyllar döwri bilen deňeşdirilende, içimlik suwuň gorlarynyň 1200 kub kilometr azalandygy belli boldy.

Munuň sebäbi ählumumy maýlama diýýän alymlar tarapyndan 2015-nji ýyldan häzire çenli dünýäde iň güýçli guraklyklaryň 13-si hasaba alyndy. Ählumumy maýlama Ýeriň ýüzünde içimlik suw gorlarynyň mundan beýläk-de azalmagyna täsir eder diýip, alymlar hasaplaýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, BMG suwuň ýetmezçiligini adamzadyň şu asyrdaky esasy meselesi hökmünde görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Maryda hor düşen mallar bazara çykarylýar, ýangyç gytçylygy çekirtge belasyna 'urna boldy'
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ilkinji robot diş lukmany
Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
Ýewropada emeli aň hakyndaky kanun kabul edildi