Alymlar dünýäde iň inçe Täze ýyl arçasyny döretdiler

Alymlar dünýäde iň inçe Täze ýyl arçasyny döretdiler

Alymlar bir atom galyňlygyndaky Täze ýyl arçasyny döretmegi başardylar. Onuň esasyny grafen düzýär diýip, Phys.org habar berýär. Muny ferra.ru ýetirýär.

Bu täsin Täze ýyl arçasynyň uzynlygy, takmynan, 14 santimetre barabar. Grafenden emele gelendigi sebäpli, ol diňe bir gatlakdaky uglerod atomlaryndan ybaratdyr. Agaç 10 metr uzynlykdaky grafen rulonyndan kesilýär we teragers şöhlelenmesi bilen skanirlenýär.

Alymlar ony dünýäniň iň inçe Täze ýyl arçasy diýip atlandyrdylar. Emma şunuň bilen birlikde ýene bir möhüm zady bellemek gerek, ýagny alymlar ilkinji gezek geçiş döwründe grafen gatlagynyň içerki hiline gözegçilik etmegi başardylar. Bu, grafeni, mysal üçin, elektron zynjyrlarda ulanmak üçin zerur şert bolan durnukly, köpelip bilýän we ulanyp boljak material häsiýetlerini almagyň açarydyr diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
Aşgabatda Döwletgeldi Akyýewiň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi açyldy
Behişdi bedewleriň waspy
Karib deňiziniň garakçylary filminiň ssenariçisi aradan çykdy
“Türkmenportal” boş iş orunlaryny yglan edýär