Alymlar emeli intellekt modelleriniň özgerdilmegindäki bäsdeşligiň howplar barada duýduryş berdiler

Alymlar emeli intellekt modelleriniň özgerdilmegindäki bäsdeşligiň howplar barada duýduryş berdiler

Aralarynda amerikan tehnologiýa kärhanaçysy Ilon Mask hem bolan 1 müňden gowrak hünärmen trapyndan gol çekilen emeli intellekte garşy hat, merkezi London şäherinde ýerleşýän Ýaşaýyşyň gelejegi instituty (Institute for the Future of Life) tarapyndan çap edildi.

Hatda: "Güýçli emeli intellekt ulgamlary, diňe täsiriniň oňyn ýagdaýda boljakdygyna we töwekgelçilikleriň dolandyrylyp bilinjekdigine doly göz ýetirilen mahaly, takyk, ygtybarly, düşnükli, aç-açan, berk, laýyk, ynamly bolan mahaly özgerdilmelidir" diýip habar berildi.

Gol çekenleriň arasynda Ilon Mask, tehnologiýa kärhanasy Apple-iň esaslandyryjy hyzmatdaşy Stiw Woznýak we transgumanist-taryhçy Ýuwal Noý Hariri ýaly adamlar hem bar.

Erkin hünäriň eýesi bolmak we ýalňyş maglumatlaryň artmagy, hatda üstünde durulyp geçilen emeli intellekt tehnologiýalary bilen baglanşykly esasy aladalaryň başynda gelýär.

Emeli intellekt tehnologiýalaryň özgerdilmegi üçin GPT 4 we şoňa meňzeş emeli intellekt çözgütleriniň halk köpçüligine açyk we tassyklanyp bilinýän bolmagynyň zerurdygy beýan edildi.

Ilon Mask enjamlaryň intellektleriniň adamlardan has ýokary boljak nokadynyň 2025-nji ýylda gelip ýetjekdigini we adamlaryň super kompýuterleriň öý haýwanlary bolmak howpyna sezewar galyp biljekdigini çak edip, eýýäm ençeme wagt bäri emeli intellektiň howplary barada duýduryş berýärdi.

Ýene degişli makalalar

Merriam-Webster ýylyň sözüni mälim etdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi
Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?