Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar

Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar

Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň alymlar uzak ýaşamak üçin üç sany şerti kesgitlediler, olar: çilim çekmekden ýüz öwürmek, köpgörnüşli fiziki işjeňlik we kadaly iýmitlenmek. Ylmy barlaglaryň netijeleri Jama Network Open žurnalynda çap edildi diýip, Rambler.ru ýazýar.

Alymlar ýaşy 80 we ondan ýokary bolan 5222 adamyň durmuş terzini we iýmitleniş endiklerini seljerdiler. Şeýle-de ýüz ýaşan meýletinçileriň 1454 sanysy barada maglumatlardan peýdalanyldy.

Her bir adama sagdyn durmuş terzi diýilýän indeks berkidildi, bu görkezijä ýaramaz endikler (çilimkeşlik, alkogol içmek), fiziki maşklary berjaý etmek sarp edilýän wagt, şeýle-de iýmitleniş rasiony hem-de bedeniň agramy ýaly görkezijileriň täsiri anyklandy.

Netijede, hiç haçan çilim çekmedik, yzygiderli sport bilen meşgullanan we kadaly iýmitlenen adamlaryň köplenç 100 ýaşaýandygy, şeýle-de şäherde we obada ýaşaýanlaryň 100 ýaşamak mümkinçiliginiň birmeňzeşdigi belli boldy.

Ýene degişli makalalar

Sagdyn uzak ýaşlylyga päsgel berýän esasy ýaramaz endik agzaldy
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Al-Aýn — Ahal oýnuna kuweýtli referi eminlik eder
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar