“Amazon” kosmosdan internet hödürlär

Bölek söwda pudagynda iş alyp barýan “Amazon” kompaniýasy kosmosdan internet hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýär.Bu iri taslamany durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatda 120 million dollar maýa goýum özleşdiriler. “Project Kuiper” atly taslamanyň çäklerinde ilkinji emeli hemralar 2024-nji ýylda uçurylar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin Florida ştatynda umumy bahasy 120 million dollar boljak desganyň gurluşygyna başlandy. Şeýlelikde, “Amazon” häzirki wagtda birnäçe müň emeli hemra arkaly Ýer ýüzüniň internet elýeterliligi pes ýa-da ýok ýerlerini gönüden-göni kosmos arkaly ýokary tizlikli internet bilen üpjün edýän “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasy bilen bäsdeşlik eder.

Bu usul arkaly hödürlenýän internetden peýdalanmak üçin ulanyjy kiçijik anten almaly bolýar.

Ýene degişli makalalar

“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Tramp wezipelere belledi
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"