Amerikaly söweşiji Jonson Moskwadaky söweşde Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar

Amerikaly söweşiji Jonson Moskwadaky söweşde Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar

Garyşyk stiliň (MMA) amerikaly söweşijisi Timoti Jonson 23-nji oktýabrda Moskwada geçiriljek Bellator turnirindäki söweşde russiýaly Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar. Bu barada TASS amerikan guramasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Jonson 36 ýaşynda, ol Bellator-da russiýaly Witaliý Minakowdan we Walentin Moldawskiden ýeňildi. Soňky dört söweşde amerikaly söweşijiniň üç ýeňşi bar. Onuň hasabynda jemi 15 ýeňiş bilen ýedi ýeňliş bar.

44 ýaşly Ýemelýanenkonyň hasabynda bolsa 39 ýeňiş we alty ýeňliş bar. Ýene bir söweş geçirilmedik diýlip ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Rowaýaty adam: Fýodor Konýuhow soňky syýahatyny plastik gaýykda amala aşyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar
Fýodor Ýemelýanenko Bellator ýaryşynda Timoti Jonsony nokauta gidirdi
Bellator Moskwada Fýodor Ýemelýanenkonyň hoşlaşyk söweşini geçirer
Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
“Netflix”-iň täze serialy “Anna Karenina”