Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Waşington şäherinde türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşe agza bolan kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar şu ýylyň dowamynda amerikan işewür wekiliýetiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen ilçisi ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglylykda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada çykyş etdi.

Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika, senagat we hususy pudak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary berkitmekde türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny bellediler.

Maý aýynyň başynda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasynyň (TABCA) resmi açylyş dabarasy we guramanyň ilkinji işewürlik forumy geçirildi hem-de oňa türkmen we amerikan kompaniýalarynyň 50-den gowrak wekili gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Waşingtondaky Halkara pul gaznasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi tanyşdyryldy
Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy
Türkmen diplomaty GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy