2022-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda amerikan işewürlik wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar. Işewürlik toparyna Amerikan-Türkmen Işewürler Geňeşi ýolbaşçylyk eder diýlip, Geňeşiň resmi web sahypasynda aýdylýar.
Öň Amerikan-Türkmen Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Trend bilen geçirilen söhbetdeşlikde söwda we maýa goýum pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny nygtapdy. Ol Türkmenistana amala aşyryljak sapar barada aýdyp, ony Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we has-da çuňlaşdyrmak üçin amatly pursat diýip atlandyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Amerikan-Türkmen Işewürler Geňeşi — bu Waşingtonda ýerleşýän, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürýän telekeçilik däl guramadyr. Geňeşiň agzalarynyň hataryna ExxonMobil, L3Harris, Medtronic, Oxbow, S2 Global, Trans Caspian Resources, Visa, Zeppelin, John Deer, Boeing, CNH Industrial, Caterpillar, Coca-Cola, Tricon Energy, UGT Renewables, Westport Trading Europe Limited ýaly kompaniýalaryň birnäçesi girýär.