Amir Abdollahian "Hamid Nuriniň" esasy hukuklardan peýdalanmagyny talap etdi

Amir Abdollahian "Hamid Nuriniň" esasy hukuklardan peýdalanmagyny talap etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Şwesiýanyň Tährandaky ilçisi bilen duşuşygynda "Hamid Nuriniň" doly aklanmagynyň we derrew boşadylmagynyň zerurdygyny aýtdy we lukmançylyk hukuklaryndan peýdalanmak we maşgala gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek ýaly esasy hukuklaryndan peýdalanmagyny talap etdi.

IRNA-nyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Hosseýn Amir Abdollahian, Şwesiýanyň Tährandaky ilçisi Matthias Lintz bilen bolan duşuşygynda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýyna ünsi çekip, Hamid Nuriniň kazyýetiniň kararyny kabul ederliksiz diýip atlandyrmak bilen onuň doly aklanmagynyň we derrew boşadylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem Amir Abdollahian, jenap Nuriniň lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak we maşgala gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek ýaly esasy hukuklaryndan peýdalanmagyny talap etdi.

Şwesiýanyň ilçisi bu meseläni gysga wagtda öz hökümetine habar berjekdigini wada berip, öz ýurdunyň syýasatynyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary saklamak we gowulaşdyrmak maksady bilen geňeşmeleri dowam etdirmekdigini aýtdy.

Nuri, Şwesiýanyň prokuraturasy tarapyndan toslanýan 34 ýyl ozal Eýranda bolup geçen wakalara dahyllylykda aýyplandy we bu işde aýyplaýanlar terrorçy Mynafyklar toparynyň agzalarydyrlar.

Şwesiýanyň kazyýeti terrorçy mynafyklar toparyň aýyplamalaryna esaslanyp, Nurini 14-nji iýulda ömürlik azatlykdan mahrum etdi.

Ýene degişli makalalar

Goşunyň howa güýçleriniň serkerdesi: Duşmanlar Eýrandan raketa atmazlygyny haýyş etdiler
Goşunyň Baş Serkerdesi: Biz duşmanlaryň howplaryny jogapsyz goýmarys
Parlamentiň başlygynyň orunbasary: ​​Aziýa Parlament Assambleýasy ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyna garşy durmaly
Hajy Babaei: Sionist režimi sebitdäki ähli ýurtlary nyşana aldy
ABŞ bilen Ysraýylyň guran hüjümlerinde öldürlen Larijani bilen Süleýman soňky ýoluna ugradylýar
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY