Andreý Rublýow ATP ýaryşynyň finalynda Nowak Jokowiçden üstün çykdy

Andreý Rublýow ATP ýaryşynyň finalynda Nowak Jokowiçden üstün çykdy

Russiýaly tennisçi Andreý Rublýow Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) Belgradda geçen ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ýaryşyň netijeleri guramanyň saýtynda berilýär.

Final oýunda russiýaly tennisçi dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy.Duşuşyk 2 sagat 27 minut dowam etdi we üç setde 6:2, 6:7 (4:7), 6:0 hasap bilen tamamlandy.

Turniriň ýarym finalynda Rublýow italiýali Fabio Fonýini ýeňdi.Duşuşyk iki setde 6:2, 6:2 hasap bilen tamamlandy.Jokowiç russiýaly Karen Haçanowdan üstün geldi (4:6, 6:1, 6:2).

Rublýow Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) sanawynda sekizinji ýeri eýeleýär. 2021-nji ýylyň sentýabrynda russiýaly türgen sanawda bäşinji ýeri eýeläp, iň oňat netijesini görkezipdi. 2020-nji ýylda Tokioda geçen Olimpia oýunlaryda Rublýow Anastasiýa Pawlýuçenko bilen bilelikdäki mikstde çempion boldy.

Jokowiç Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) sanawynda öňdeligi elden bermän gelýär. 28-nji fewralda dünýäniň birinji raketkasynyň derejesini Daniil Medwedew aldy.Emma bir hepdeden soň, 4-nji aprelde russiýaly türgen sanawdaky birinji ýerini serbiýala berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy