Angliýada Zähmet partiýasynyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar

4-nji iýulda Angliýada ählumumy saýlawlar geçiriler. Saýlawda Zähmet partiýasynyň has köp ses alyp, 14 ýyldan bäri häkimiýetdäki Konserwatorlaryň ýerine geçmegine garaşylýar. Pikir soralyşyklaryň netijesine görä, Zähmet partiýasy 20 göterim köp ses alar.

Ýurduň hökümet başlygy Rişi Sunak Konserwator partiýanyň agzalary tarapyndan ýolbaşçy saýlanypdy. Şeýlelikde ol bu wezipä saýlanan ilkinji aziýaly bolupdy.Hepdäniň dördünji güni geçiriljek saýlawda bolsa ilkinji gezek aziýaly hökümet başlygyna saýlawçylaryň näçe göteriminiň goldaw berjekdigi belli bolar. 44 ýaşly Sunak bary-ýogy 49 gün bu wezipäni ýerine ýetiren Liz Trassyň ýerine geçipdi. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä häkimiýetdäki partiýanyň başlygy hökümete hem ýolbaşçylyk edýär.

Zähmet partiýasyna bolsa 2020-nji ýyldan bäri 61 ýaşly Kir Starmer ýolbaşçylyk edýär. Şa Zenany tarapyndan “Ser” tituly berlen Starmer bu adyny seýrek ýagdaýda ulanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasyna gatnaşdy
Zibil çelekleriniň ýanyndaky paçaklar ýaşuly ýakalaşygyna sebäp bolýar’