Ankara kazyýeti Abdylla Orusowa halkara goragynyň berilmezligini tassyk etdi

Ankara kazyýeti Abdylla Orusowa halkara goragynyň berilmezligini tassyk etdi

Türkiýäniň Ankara şäherindäki dolandyryş kazyýeti türkmen aktiwisti Abdylla Orusowa halkara goragynyň berilmegini ret edýän karary çykardy. 23-nji noýabrda 2025/1990-njy iş boýunça çykarylan kararda bu çözgüdiň gutarnyklydygy, ondan şikaýat edilip bilinmejekdigi aýdylýar. Bu barada Tükiýäniň deportasiýa merkezine ýerleşdirilenden soň ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyny ýakyndan yzarlaýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Bu kazylar topary, Alişer Sahatowyň işinde bolşy ýaly, "Türkiýäniň 'geografiki şert' girizendigini we diňe Ýewropa ýurtlaryndan gelenleri bosgunlar hökmünde ykrar edýändigini nygtady.

Toparyň anyklaşdyrmagyna görä, Türkmenistandan gelip ýüz tutanlar, haýyş bilen ýüzlenen Orusow ýaly, bosgun statusyny alyp bilmeýär, “diňe şertli bosgun durumyna ýa-da ikinji derejeli goraga eýe bolýar".

“Ýüz tutujy halkara goragynyň talaplaryna laýyk gelmeýär, sebäbi onuň beýanatlary ýeterlik derejede ygtybarly däl” diýip, kazyýet migrasiýa gullugynyň beren bahasyna salgylanýar.

“Ýüz tutujynyň howp-hatarlar barada aýdýanlary... diňe onuň öz şahsy tassyklamalaryna esaslanýar” diýip, kazyýet netijesinde aýdylýar.

Kazyýet halkara goragynyň daşary ýurtlulara ykdysady sebäpler esasynda ýurtda galmaga; hukuk derejesini üýtgetmäge; ýa-da immigrasiýa proseduralaryndan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän mehanizm däldigini nygtap, şeýle diýýär: “Halkara goragyna kanunda göz öňünde tutulmadyk sebäpler esasynda ýurtda galmagyň guraly hökmünde garamak bolmaz”.

Maglumat üçin aýdylsa, Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy; Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşypdy.

Olar türkmen häkimiýetleri tarapyndan deportasiýa merkezinde saklanyp, soňra ýitirim boldular.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkiýede dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirýärler.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdi
Ýitirim edilen aktiwistler Sahatowyň we Orusowyň işi boýunça sud diňlenişigi geçirildi
Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar
Türkmen bloggerleriniň sud diňlenişiginiň Ankarada geçirilmegine garaşylýar, olaryň nirededigi nämälimligine galýar
Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy