Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellendi

6-njy noýabrynda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli onuň Wagzy-Azat atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik türkmen şahyrynyň we pelsepeçisiniň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanyp neşir edildi. Bu neşir türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsine tanyşdyrmakda möhüm goşant boldy.

Çärede çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň umumy türki ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de taryhy we medeni kökleri umumy bolan halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy baýramçylyk ruhunda geçip, Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene bir nyşany boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi