Antalýa 5 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi

Antalýa 5 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi

Antalýa üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe 4 milliona golaý ýerli we daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, Antalýa 5 aýda gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 16,26 göterim artdy.

2024-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda Antalýa 3 million 959 müň 267 syýahatçy geldi.

Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Germaniýa birinji orny eýeleýär.

5 aýda Antalýa Germaniýadan 974 müň 272 syýahatçy geldi.

Germaniýadan soň sanawda 857 müň 862 syýahatçy bilen Russiýa ikinji, 451 müň 341 syýahatçy bilen Britaniýa hem üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

9 Aýda Antalýa14 Million 71 Müň 412 Syýahatçy Geldi
Antalýa 10 Ýylda 112 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Antalýa 17 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Sentýabr Aýynda Antalýa 5,1 Million Ýolagçy Geldi
Antalýa 15 Million 300 Müň Syýahatçy Geldi
Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasy açyldy