Aňyrsy görünýän ýukajyk kagyz

Ýaponiýada aňyrsy görünýän ýukajyk kagyz öndürildi. Ýukadygyna garamazdan bu kagyz berkligi bilen tapawutlanýar.Beýle ýuka kagyzy öndürmek pikiri ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň arhiwinde zähmet çekýän Soýeon Çoiniň kellesine gelipdir.

Onuň işi arhiwdäki taryhy ähmiýeti bolan hatlary aýawly saklamak eken.Hünärmen kagyzlary kömeleklerden, çygdan, gyzgynlykdan, şöhleden we beýleki täsirlerden goramak üçin iş geçiripdir. Ýuka kagyz baradaky pikir hem şu işleriň netijesinde ýüze çykypdyr. “Tengujo” atly kagyz Ýaponiýanyň Koçi welaýatyndaky bir kärhanada öndürilýär. “Hidaka Washi” atly şereketiň öndürýän kagyzy kozo we neri atly ösümliklerden ýasalýar.

Ilki kozo ösümliginden süýüm alnyp, ýüplük öndürilýär.Soňra bolsa, ýüplükler biri-birine ýapyşdyrylyp ýukajyk kagyz öndürilýär.Bu kagyz köne kitapdyr hatlary dikeltmekde peýdalanylýar.Häzirki wagtda bu kagyz senagatyň beýleki ugurlarynda hem peýdalanylyp başlandy.

Kagyzyň galyňlygy bary-ýogy 0,02 millimetre barabar.

Şaperi Gurbanowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Mergen Orazow: Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
JET LI WE GUN LI “MULAN” FILMINDE
Gazak mediasy türkmen prezidentiniň 'zehinlerini' ýaňsylaýar
Aňyrsy görünýän ýukajyk kagyz