Apple planşet bazarynda lider bolmagynda galýar

Apple planşet bazarynda lider bolmagynda galýar

IDC kompaniýasynyň analitikleriniň habar bermegine görä, Apple kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, planşet kompýuterleriniň dünýä bazarynda özüniň liderligini saklady. Ikinji orny Samsung, üçünji orny Lenovo eýeledi, dördünji orun Amazon kompaniýasyna degişli boldy diýip, 3dnews.ru habar berýär.

IDC hünärmenleriniň hasabyna görä, 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple bazara jemi 12,9 mln iPad iberdi.Bu 2020-nji ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 3,5% köpdür.

Kompaniýanyň bazar paýy 31,9 göterim boldy.Samsung bolsa degişli döwürde 8 mln planşet kompýuterini satdy.Kompaniýanyň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşi üpjün edip, 19,6% boldy. Üçünji orny eýeleýän Lenovo kompaniýasy üpjünçiligini 64,5% artdyrdy.

Bu onuň paýynyň 7,4%-den 11,6%-e çenli ýokarlanmagyna getirdi.Lenovo 4,7 mln planşeti ýola goýdy.Bu kompaniýadan soň 3,6 mln gurluş bilen Amazon ýerleşýär.

Amazon özüniň üpjünçiligini 20,3% artdyrmagy başardy.Huawei kompaniýasynyň görkezijileri bolsa 4,5 milliondan 2,1 milliona çenli pese gaçdy.Bu bazaryň 5,1%-ine deňdir.Bir ýyl mundan öň Huawei-niň paýy 11,5% bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
Global kompýuter satuwy pese gaçdy
Apple iň innowasion kompaniýalaryň sanawynyň öňüni çekýär
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji
Ilon Maskyň SpaceX we Jek...
Ilon Mask Aşgabatda geçiriljek halkara foruma wekiliýet ugradar