Aragatnaşygyň indiki nesline bagyşlanan maslahat

Dünýäniň iň köp telefon öndürýän kompaniýasy “Samsung” geljek aý geçrijisiz aragatnaşygyň 6-njy nesline (6G) bagyşlanan forumy geçirmäge taýýarlyk görýär.Maslahatda internet aragatnaşygynyň indiki nesli 6G tehnologiýasy barada pikir alyşmak üçin bu pudakda iş alyp barýan wekiller, hünärmenler we alymlar gatnaşar.

Gatnaşyjylar bu senagatyň ösüşi barada maglumat almaga mümkinçilik alarlar. 13-nji maýda geçiriljek forum göni ýaýlym arkaly köpçülige ýetiriler.Forum “Hemmeler üçin indiki giper-baglanyşykly tejribe” şygary bilen geçiriler.

Geçirijisiz aragatnaşygyň 1-nji nesli 1980-nji ýyllarda peýda boldy.Bu “nesiller” Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi tarapyndan standartlaşdyrylyp, 10 ýyl töweregi wagtdan indiki nesle geçilýär. 2G 1990-njy ýyllarda peýda bolan bolsa, 3G hyzmaty 2000-nji ýyllarda müşderilere ýetirildi. 2019-njy ýylda halka hödürlenen 5G bolsa, entek bütin dünýäde ýaýramady. 6G-niň bolsa 2030-njy ýyllarda müşderilere ýetirilmegine garaşylýar.

Çaryýar Ataýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY