Dubaýyň Yslam ykdysady ösüş merkezi Dubaýda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen yslam ykdysadyýeti pudagynda tejribeleri we öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi.
Gol çekişlik dabarasy Türkmneistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň BAE resmi sapary mahalynda guraldy diýip, The Gulf Today neşiri habar berdi.
Ähtnama iki tarapyň arasynda yslam bank we maliýe pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen. Yslam ykdysadyýeti baradaky bilim-düşünjäniň derejesini ýokarlandyrmak we halal senagaty ösdürmek maksady bilen Merkez türkmen banklarynyň işgärleri üçin seminar we okuw kurslaryny gurnaýar.
Ýatladýarys, türkmen delegasiýasynyň BAE sapary 15-nji martda boldy.