Arçman şypahanasynda birbada 1 müň 320 adam bejergi alyp biler

Arçman şypahanasynda birbada 1 müň 320 adam bejergi alyp biler

Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Arçman şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda Arçman şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary hem-de degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary we bu babatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Arçman şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi. Netijede, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň mukdary, onuň çykymy ylmy esasda öwrenildi.

Şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde birbada 1 müň 320 adamyň bejergi almagy üçin mümkinçilik emele geler.

Şeýle hem bu ýerde Arçman şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň, şypahananyň durmuş üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARÇMAN ŞYPAHANASYNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLER BILEN TANYŞDY
TSTB-niň agzasy Arçman şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmäge gyzyklanma bildirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arçman şypahanasynda iş saparynda boldy
Prezident Arçman şypahanasynda täze Bejeriş merkezini gurmak barada Karara gol çekdi