Ardahan Hanak Torly Peýnir

Ardahan Hanak Torly Peýnir

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän serhetýaka şäheri bolan Ardahanyň Hanak etraby, önümçiligi we tagamy örän özboluşly bolan peýniriň görnüşleriniň birine ýer eýeçiligini edýär.Ardahanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2024-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan Ardahan Hanak Torly Peýniri, Anadoly Esmeri adyny göterýän, sebite mahsus sygyryň görnüşleriniň biriniň süýdünden öndürilýär.

Sebitiň daglyk gurluşy, giň platosy we öri meýdanlary bilen ösümlikleriň dürli görnüşlerine eýe bolmagy, peýniriň çig malyny emele getirýän süýdüň, ýagly we ýokary hilli bolmagynyň iň esasy sebäbidir.Ardahan Hanak Torly Peýniriň önümçiliginde sygyrlardan iýun-sentýabr aýlary aralygynda ýygnalýan we gündelik ýagdaýda elde taýarlanýan süýt, gyzdyrmak, maýalamak, duzlamak we sowatmak işlerinden geçirilýär. 13 litr süýtden takmynan 1 kg öndürip bolýan, Ardahan Hanak Torly Peýniriniň her bir torunyň galyňlygy iň köp 4 mm-dir we 6 metre çenli uzap bilýän maýyşgak bir gurluşa eýedir.

Açyk sary reňkli peýnir, mallar tebigy ösümliklerden iýmitlenýändigi üçin, çerrik, çopantelpek, gwozdika we gülälek ýaly gülleriň ysyny öz içinde jemleýär.Duzlamak işleri gaýa duzy bilen taýarlanýan we şol sebäpli ulanylyş möhledi 2 ýyl bolan peýniriň sarp edilmeginden ozal, suwyň içinde garaşdyrylmagy, esasan hem duza duýgur bolan adamlar üçin maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Daşoguzda duzly tupan turdy, ümürli howada ilat pagta ýygmaly boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi
Dünýäniň iň kiçi torbasy 63 müň dollara satyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede juma namazyny okady hem-de gurbanlyk sadakasyny berdi