12-nji oktiýabrda prezident Berdimuhamedow “ARETI” halkara şirketler toparynyň prezidenti Igor Makarowy kabul etdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Duşuşykda telekeçi baglaşylan ylalaşyklar boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we Kaspiniň türkmen ýalpaklaryny özleşdirmek boýunça täze teklipleri prezidentiň garamagyna hödürledi.
Berdimuhamedowyň bellemegine görä, potratçy-şirketlerden edilýän esasy talaplar täze tehnologiýa kararlary, ylmy barlaglaryň öňdebaryjy işlerini ulanmakdan we daş gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda ARETI-niň prezidenti şirketiň geljekde hem ýurtda amala aşyrylýan üstünlikli maksatnamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy diýip neşir ýazýar.
2019-njy ýylyň awgustynda jenap Makarow prezidentiň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşymyrat Kakaýewiň “hünärmen-eksperti” bellenipdi.
Kakaýew geçen ýylyň iýulynda öýken çişmeden ýogaldy.
Türkmenistanyň prezidenti bilen ýylda birnäçe gezek duşuşýan we sport çärelerine işjeň gatnaşýan Makarow 2020-nji ýylyň fewralynda nebit-gaz şirketleriniň işleri hem Hazaryň türkmen ýalpaklaryny özleşdirmek boýunça hasabat beripdi.
2021-nji ýylyň aprelinde Berdimuhamedow ARETI-niň goldawy bilen Türkmenistanyň tebigi gaz ätiýaçlaryny özleşdirmek barasynda sermaýaçylaryň konsorsiumyny düzmegi daşary ýurtly şirketlere teklip edipdi.The post ARETI-niň başlygy prezident Berdimuhamedowa Kaspini özleşdirmek barasynda täze teklipleri etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.