Arkadag futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatyndaky çykyşyny ýeňiş bilen jemledi

Arkadag futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatyndaky çykyşyny ýeňiş bilen jemledi

Türkmenistanyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilen futbol boýunça çempionatyndaky çykyşyny Arkadag topary ýeňiş bilen jemläp, jemleýji, 28-nji tapgyrda Balkanabat şäheriniñ Nebitçi toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.Duşuşyk paýtagtymyzdaky Nusaý stadionynda geçirildi. Ýolötenli emin Merdan Şanazarowyň badalga bermeginde Wladimir Baýramowyň şägirtleri oýnuň hörpüni öz ellerinde sakladylar we Resul Hojaýewiň kömegi bilen üçünji minutda hasaby açdylar. 10 minutdan soň Didar Durdyýew tapawudy iki esse artdyrdy we şu möwsümde milli çempionatdaky 27-nji goluny geçirdi.

Bu görkeziji bilen ol yzly-yzyna üçünji ýyl Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky çempionatynyň iň köp pökgi geçiren hüjümçisi boldy.Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başlanmagy bilen 47-nji minutda Şamämmet Hydyrow milli çempionyň artykmaçlygyny üç pökgä ýetirdi. 73-nji minutda göni gyzyl duýduryş alandygy üçin Ylýas Çaryýewiň meýdançadan çykarylmagy bilen Arkadag topary azlykda galdy.

Dört minutdan soň Seýitmämmet Hojamämmedow bir goly yzyna aldy.Oýnuň 88-nji minudynda bolsa Didargylyç Orazow garşydaşynyň derwezesine pökgini geçirip, duşuşygyň jemleýji hasabyny kesgitledi. Şeýlelikde, 28 duşuşykda 28 ýeňiş gazanan Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji ýylky möwsümini ajaýyp görkezijiler bilen jemledi.

Arkadag şäheriniň wekilleri 84 utuk toplap, goýberilen 15 pökgüden 105 pökgi geçirip, yzly-yzyna üçünji gezek ýurdumyzyň çempiony boldular. 2023-nji ýylda döredilen gününden bäri Arkadag futbol toparynyň milli çempionatda ýekeje utuk hem ýitirmändigini bellemek gerek. Şu ýyl hem topar üçünji gezek Türkmenistanyň Kubogyny almaga ýakyndyr.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň milli çempionaty tamamlandy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar