"Arkadag Medisina Klasteri Menejment" Özbegistana çaga iýmitini eksport etmegi meýilleşdirýär

"Arkadag Medisina Klasteri Menejment" Özbegistana çaga iýmitini eksport etmegi meýilleşdirýär

"Arkadag Medisina Klasteri Menejment" hojalyk jemgyýeti önümlerini Özbegistana eksport etmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň çarşenbe güni neşir edilen sanynda habar berilýär.

Kärhananyň binýadynda elýeterli we ýokary hilli çagalar iýmitini öndürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ýerde tüwüli, tüwüli-bananly, tüwüli-bally hem-de ýedi dürli däneden taýýarlanylan görnüşleri öz içine alýan däne esasly dört görnüşli çaga iýmiti öndürilýär.

Soňky öndürilip başlanan önümiň ýeňil siňýändigi sebäpli, ony esasan hem çaga agşamlaryna bermegi maslahat berilýär.

Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatyny ösdürmek maksady bilen bu ýerde çagalara niýetlenen uýgunlaşdyrylan süýt garyndylaryny önümçiligine başlandy.

Bu önümler çaga doglan gününden başlap 24 aýa çenli niýetlenip, düzüminde sintetik iýmitli reňk berijiler ýokdur.Garyndylar witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrylan.Bu uýgunlaşdyrylan süýt önümleri çaga doglan gününden 6 aýa çenli, 6 aýdan 12 aýa çenli, 12 aýdan 18 aýa çenli hem-de 18 aýdan 24 aýa çenli ýaş toparlary üçin niýetlenen dört görnüşden ybaratdyr. Şeýle hem kärhanada 6 aýdan uly çagalar üçin goşmaça iýmitleriň her gün 2 müňe golaý gaplamasy öndürilýär.

Çagalar iýmitinden başga-da, kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdelerini — başgaplary, aýakgap we agyz-burun örtüklerini, düşek daşlyklaryny we beýleki önümleri hem öndürilýär.

Lukmançylyk edaralarynda zerur bolan şeýle serişdeleriň ýerli çig mallardan uly möçberlerde öndürilýän artmagy saglygy goraýyş edaralarynyň olar bilen öz wagtynda üpjün edilmegini ýokarlandyrýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen "World Food Moscow 2025" halkara sergisinde kärhananyň çagalar üçin goşmaça iýmiti "Ýylyň önümi" diýen altyn medala hem-de degişli diplomyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi
Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy öz önümleri bilen Türkmenistanyň lukmançylyk edaralaryny üpjün edýär
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasyna Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi