Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär:

Arkadag şäheriniň binagärlik şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň Polatly binasy bilen Akhan binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR
Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy